Turkmenistanyn Elektron Sport Milli Federasiyasy uly hormat bilen 2025-nji yylda Turkmenistanyn Aziya kibersport jemgyyetindaki ornuny pugtalandyrmak we osdurmek ugrunda gazanylan mohüm halkara ustunlikler barada habar beryar.
2025-nji yylyn 6-njy aprelinde online gornusde Aziya Elektron Sport Federasiyasynyn (AESF) ilkinji saylawly Bas Assambleyasy gecirildi. Assambleyanin dowamynda Turkmenistanyn Elektron Sport Milli Federasiyasynyn prezidenti Mekan Eberdiyev AESF-in dolandyrys geñesinin agzasy saylandy.
Assambleyanin isine Aziya yurtlarynyň milli kibersport federasiyalarynyň yolbasyylary, seyhle hem Aziya Olimpiya Genesinin (OCA) Bas direktorynyn orunbasary jenap Vinod Tiwari gatnasy, bu bolsa cäränin yokary derejesini we yklym derejesinde kibersporty osdurmäge berilyan unsi gorkezyar.
Seyhle hem 2025-nji yylyn fewralynda Merkezi Aziya Kibersport Assosiasiyasynyn sanly sporty osdurmekde sebit yurtlarynyň tagallalaryny birlesdirmek ucin niyetlenen taza sebit guramasy hokmunde resmi taydan doredilendigini habar beryaris.
Assosiasiyanin saylawly Bas Assambleyasynyn netijesinde,
- Mekan Eberdiyev Merkezi Aziya Kibersport Assosiasiyasynyn wise-prezidenti,
- Turkmenistanyn Elektron Sport Milli Federasiyasynyn Bas sekretary Nazar Udeumuradov bolsa Assosiasiyanin Bas sekretary saylandy.
Bu ustunlikler Turkmenistanyn halkara kibersport hereketinde isjeñ gatnasyjy hokmunde ornunun ykrar edilýändigini gorkezyar we sebit hem-de Aziya derejesinde hyzmatdasylyk, tejribe alysmak we sport baslangyçlaryny ilerletmek ucin taza gözýetimleri acyar.