Halkara Esports Federasiýasynyň (IESF) aprel oýunlarynyň dowamynda Türkmenistanyň Counter-Strike 2 boýunça zenanlar milli ýygyndysy ýokary netije görkezdi we World Esports Championship 2025-iň Aziýa sebit saýlamalaryna üstünlikli çykdy.
Ýewropanyň öňdebaryjy zenanlar ýygyndylaryna garşy geçirilen duşuşyklarda türkmen topary ýokary derejede guramaçylygy, toparlaýyn sazlaşygy we taktiki taýýarlygy görkezdi.
Netijeler матчей:
- Türkmenistan – Şweýsariýa: 2–0 ýeňiş
- Türkmenistan – Uels: 2–0 ýeňiş
- Türkmenistan – Germaniýa: 1–1 deňme-deň
- Türkmenistan – Ispaniýa: 1–1 deňme-deň
Geçirilen oýunlaryň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň awgustynda geçiriljek Aziýa sebit saýlamalarynda çykyş etmek hukugyny mynasyp gazandy. Bu tapgyr dünýäniň iň güýçli milli ýygyndylaryny birleşdirýän iň abraýly halkara kibersport ýaryşlarynyň biri bolan World Esports Championship 2025-iň final bölegine saýlanmakda çözgütli ähmiýete eýedir.
Zenanlar ýygyndysynyň World Esports Championship 2025-iň indiki tapgyryndaky çykyşy diňe bir täze synag däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň öňünde türgenlik ruhuny, kämillige ymtylyşy we kibersportçy zenanlarymyzyň watançylygyny görkezmek üçin hem mümkinçilik bolar.