Federasiýanyň ösüş taryhy.

Yurtdaky kibersportun ilkinji adimlerinden baslap, oyunçylarymyzyn halkara ustunliklerine çenli TMESF-in taryhy dine bir pudagyn calt osusini dal, eyysem Turkmenistanyn elektron oyunlarynyň global medeniyetine gosandyny hem gorkezyar. Biziň ustunliklerimiz we meýilnamalarymyz tehnologiýa we sporta howesli, kibersportun caksiz mumkinciliklerine ynanýan adamlaryn zahmetinin netijesidir. TMESF oz taryhyny dowam etdirip, taze ustunlik sahypalaryny doredyar we kibersportçylaryn indiki neslini ruhlandyryar.

Awgust 2018

Hasaba alyş

Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2018-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky buýrugy esasynda "Türkmenistanyň milli elektron sport federasiýasy" Türkmenistanda elektron sporty ösdürmek we meşhurlaşdyrmak üçin jogapkär jemgyýetçilik guramasy hökmünde hasaba alyndy (şahadatnama No.00052).

Awgust 2019

Türkmenistanyň MOK-y

2018-nji ýylyň awgustynda federasiýa Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti tarapyndan ykrar edildi. Türkmenistanyň "Bedenterbiýe we sport hakynda" Kanunyna laýyklykda, Milli Olimpiýa Komitetiniň ykrary pudaklaýyn akkreditasiýa amallaryndan geçmegiň şertleriniň biridir we bu federasiýa ýurtda kibersporty ösdürmek boýunça ygtyýarlyk berýär.

2019

WESG

Türkmenistanyň Elektron Sport Milli Federasiýasy Alisports bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy we Türkmenistanyň çäginde WESG saýlama tapgyrlaryny geçirmek boýunça aýratyn hukuga eýe boldy.

Maý 2020

AESF tarapyndan ykrar edilmegi

2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Elektron Sport Milli Federasiýasy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan ykrar edilen Aziýa Esports Federasiýasynda (AESF) doly hukukly agza hökmünde Türkmenistanyň bähbitlerini görkezýär.

Iýun 2020

GEF tarapyndan ykrar edilmegi

2020-nji ýylyň iýunyndan bäri Türkmenistanyň Elektron Sport Milli Federasiýasy ähli kibersport guramalaryny birleşdirýän we kibersportyň Olimpiýa düzgünleriniň hataryna girizilmegini goldaýan Global Esports Federation halkara guramasynyň agzasydyr.

Noýabr 2020

IESF tarapyndan ykrar edilmegi

2020-nji ýylyň noýabryndan bäri Türkmenistanyň Elektron Sport Milli Federasiýasy International Esports Federation guramasynyň agzasy boldy. Bu bolsa IESF-niň howandarlygynda halkara turnirleri we milli saýlama oýunlaryny geçirmäge, şeýle hem kibersport pudagynyň möhüm meseleleri boýunça çözgüt kabul etmäge gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Noýabr 2022

Döwlet sport komiteti tarapyndan ykrar edilmegi

Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe baradaky komitetiniň başlygynyň 2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndaky No. 36-Ö buýrugy bilen kibersport sport görnüşleriniň sanawyna girizildi we Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edildi. "Türkmenistanyň milli elektron sport federasiýasy" "kibersport" sport görnüşi boýunça resmi akkreditlenen sport federasiýasy derejesini aldy. Türkmenistanyň "Bedenterbiýe we sport hakynda" kanunçylygyna laýyklykda, akkreditasiýa ýurtda bu sport görnüşini ösdürmek boýunça ygtyýarlygy tassyklaýar.

Noýabr 2023

Phygital Games

2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Elektron Sport Milli Federasiýasy Türkmenistanda phygital oýunlaryny ösdürmek ugrunda özara hyzmatdaşlyk boýunça memorandum we şertnama baglaşdy.