Turkmenistanyn yokary okuw mekdeplerinde fizital sport we kibersport boyuncha yaryslar hepdeligi baslandy. Bu care Halkara Bitaraplyk gunune bagyslanyp, Bilim ministrliginin hem-de Bedenterbiye we sport baradaky dowlet komitetinin goldawy bilen gecirilyar.
Yaryslar Turkmenistanyn Dowlet bedenterbiye we sport instituty tarapyndan guralyar. Gatnasyjylar adaty we sanly gornusleri birlesdiryan ugurlarda yenis ugrunda basleserler: fizital futbol, basketbol, stol tennisi, kust we kibersport.
Institutyň habar bermegine gore, yarysyn yenijileri 2025-nji yylda BAE-de geciriljek halkara “Geljegin oyunlarynda” Turkmenistana wekilcilik ederler.
Yarysyn jemleyji tapgyry we yenijileri sylaglamak dabarasy 2024-nji yylyn 7-nji dekabrynda geciriler.
Turkmenistanyn fizital sporty we kibersporty gitdigiçe meshur bolyar. Bu ugurlary birlesdiryan ilkinji halkara multisport yarysy bolan “Geljegin oyunlary” 2024-nji yylda Kazanda gecirildi. Onun umumy bayrak gaznasy 10 million dollar boldy.