Turkmenistanyn kibersport yygyndysynyn oyunchysy Waleriy Grigoryan, «Boboon» lakamy bilen chykys edip, Turkmenistanyn «Çopan» kibersport toparyna wekilcilik edýär we 2024-nji yylyn 18-nji awgustynda gecirilen «Your Home Your Arena» Aziya yarysynda «eFootball Mobile» ugrunda burunch medal gazandy.
Sebitin in gowy kibersportchylaryny bir yere jemlan bu yarys yokary derejede gecirildi, Waleriy bolsa in guycli garysdaslar bilen baslesip, ajaýyp ussatlygyny we strategik pikirlenmesini gorkezdi. Bu ustunlik Turkmenistanda kibersportun derejesinin osyandigini we yurdun halkara sahnada oz ornuny eýelap baslandygyny gorkezýar. Seyle abrayly yarysda alnan burunch medal topar ucin uly ustunlik we geljek yenisler ucin guychli howesdir. Belap gecmeli tarapy, Waleriy Turkmenistanyn kibersport yygyndysyna «eFootball Mobile» ugrunda yany-yakynda gosuldy, ondan on bolsa «PUBG Mobile» ugrunda chykys edýärdi.
Turkmenistanyn Kibersport federasiyasy Waleriy Grigoryanyn ustunligine buysanjyny bildirdi we taze chempionlary tayyarlamak ucin sert doredip, yurtda kibersporty isjen goldamagy we osdurmegi dowam etdirjekdigini tassyklady.