Женская сборная | Counter Strike

Женская сборная | Counter Strike

Halkara Elektron Sport Federasiyasy (IESF) tarapyndan guraljak World Esports Championship yarysyna tayyarlygyn chaginde Turkmenistanyn Elektron Sport Milli Federasiyasy (TMESF) Turkmenistanyn zenan Counter-Strike yygyndysyny Eyranyn topary bilen dostlukly dususyklara chykardy. Turkmen kibersportchy zenanlar yokary ussatlyk we sazlashyk gorkezerek 2-0 hasabynda ynamly yenis gazandylar.

“Federasiya zenan duzumini yokary hilli tayyarlamak ucin uly tagalla etdi we hazirki wagtda yygyndymyzyn professional kibersport sahnasynda taze belentlikleri eyelemegi dowam etdirmege berk niyetlidigini ynam bilen aýdyp bileris.”

BO3 onlayn formatynda gecirilen bu gyzykly dususyklaryn diñe bir oyunun hili bilen dal, eysem oyunchylaryn ussatlygy bilen hem kibersport jemgyyetinin unsini cekdi. Pik-ban tapgyrynyn basyndan turkmen topary Counter-Strike-in in meshur kartasy bolan Mirage-da oz derejesini gorkezmegi saylady, Eyranyn yygyndysy bolsa oz owrenisen kartasy Anubis-i saylap, Ancient-i cozuji karta hokmunde goydy.

Turkmen kibersportchy zenanlar Mirage kartasynda gorag tarapyndan ustunlikli baslap, tapgyry 7-5 hasap bilen tamamladylar we sonra 6-4 hasap bilen yenisi berkidip ilkinji kartany gazandylar. Ikinji karta bolan Anubis-de bolsa garysdaslaryny gen galdyryp, keseki meydanda-da yokary derejede oynap bilýandiklerini gorkezdi: gorag tarapynda 8-4 netijesini gazanyp, dususygy 5-0 bilen jemlediler we umumy hasaby 2-0 etdiler.

Yenisden son topara yuzlenip, kapitan Yelena Byashimowa her bir oyunçynyň tagallasyna we ygrarlylygyna buysanjyny bildirdi, seyhle hem kibersporty osdurmekde beren goldawy hem-de topara bolan ynamy ucin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Turkmenistanyn Elektron Sport Milli Federasiyasyna minnetdarlyk aytdy.

IESF tarapyndan guralyan World Esports Championship Turkmenistanyn yygyndysy ucin yene bir uly synag bolar, emma tayyarlyk we dostlukly dususyklarda toplanan ynam hem tejribe netijesinde Turkmenistanyn zenan yygyndysy bu cagyrysy kabul edip, yurduna dunya kibersport sahnasynda mynasyp wekilcilik etmäge tayyar.

Tegler:

Şeýle hem okaň